Golaýda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugurndaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana bagşy!» atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşige welaýatyň bagşyçylyk we sazçylyk bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşyp, öz aralarynda bu ugurlar boýunça çekeleşikli bäsleşdiler. Gyzykly we joşgunly geçen bäsleşigiň jemi eminler topary tarapyndan adalatly jemlenip, ýeňiji bolanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezip, mahmal owazly sesleri bilen tomaşaçylaryň kalbyny joşduran bagşy-sazandalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, ýaş nesilleriň kalbynda milli bagşyçylyk we sazçylyk sungatymyza söýgi döretmekde, ýaş bagşy-sazandalary kemala getirmekde döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Oguljeren ÇENDIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.