Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi, TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Balkanabat şäheriniň 3-nji orta mekdebinde mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüni berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler baýramçylyk günlerinde ýaşlaryň köpçülik ýerlerinde özlerini tertipli alyp barmaklaryny ündäp, okuw ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde bagtyýar ýaşlarymyza uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Annajemal NURJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet
konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.