ÝAŞLARDA TÄSIR GALDYRAN WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň, etrap jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde guramagynda etrabyň 9-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler orta mekdebi tamamlaýan okuwçylarymyza watanymyza il günimiz gerekli bilimli ýaşlar bolup ýetişmeklerini ündediler. Şonuň bilen baglylykda, soňky jaň mynasybetli geçiriljek dabaralarda tertip düzgüniň berk berjaý edilmelidigi dogrusynda düşündirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy – döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Mukam ÇÜRIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Etrek etrabynyň başlygy.

Meňzeş habarlar