TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de Balkanabat şäher Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramagynda şäheriň 21-nji orta mekdebinde «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli baýramçylyk günlerinde ýaşlaryň tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmeklerini gazanmak, şeýle hem daşary ýurtlara bilim almak, syýahat etmek maksady bilen gidýän ýaşlarda watansöýüjilik, ruhubelentlik, millilik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, olaryň howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmeklerini ündemek maksady bilen, mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek, olaryň sazlaşykly ösmegi, häzirkizaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar