ÇEKELEŞIKLI GEÇEN SPORT BÄSLEŞIGI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda «Sport sagdynlyk we ruhubelentlik» ady bilen sportuň tennis görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Ýaş nesilleriň sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak we olaryň sporta bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzgalaňly we çekeleşikli bolup, türgenler erjellik bilen özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.

Bäsleşikde bedenterbiýe we sport bölüminiň türgenleri ýeňiji bolup, olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Maý 2025 | 13 okalan

ÇEKELEŞIKLI GEÇEN SPORT BÄSLEŞIGI

21 Maý 2025 | 21 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

21 Maý 2025 | 14 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY