Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi, etrap häkimligi hem-de etrap Polisiýa bölümi bilen bilelikde guramagynda Gyzylarbat etrabynyň Rowaç obasynyň 16-njy orta mekdebiniň uçurymlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler häzirki wagtda ýerli häkimiýetiň, kazyýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde halk köpçüliginiň, esasan-da, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini alyp barýandyklary, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, maşgala mukaddesligini we agzybirligini berkitmek, milli däp-dessurlarymyzy, edebi mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen maslahat duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigi dogrusynda gürrüň edip, “Soňky jaň” dabarasynyň edeplilik we ahlaklylyk kadalaryna laýyklykda, ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilmegini gazanmagyň möhümdigini aýratyn nygtap geçdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Nury NURYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrap Geňeşiniň başlygy.