Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň Gumdag şäherçe bölümçesiniň, Gumdag şäherçe Geňeşliginiň we Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe Polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölüminiň bilelikde guramagynda şäherçäniň 31-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda «Ýaşlarda belent ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemek zerurdyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýaş raýatlaryň hukuk, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemegiň, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Amangözel EŞEROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher
Geňeşiniň Gumdag şäherçe bölümçesiniň
esasy hünärmeni.