MILLI TERBIÝE — ASYLLY ÝÖRELGE

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 9-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Milli terbiýe — asylly ýörelge» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýaşlarda türkmen halkyna mahsus bolan watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly we bilim-terbiýeli ýaş nesli kemala getirmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Abat MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar