AÝDYM-SAZLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň şäher Medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde Watanymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini wasp edýän ajaýyp çykyşlara, şeýle hem şäher Medeniýet merkeziniň “Ýaşlyk” tans toparynyň ýerine ýetiren joşgunly tanslaryna tomaşa edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Güljemal BAÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar