ŞANLY SENÄ BAGYŞLANAN SPORT BÄSLEŞIGI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Balkanabat köpugurly sport toplumynda sportuň küşt görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Bu sport çäresine edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, şeýle hem orta mekdepde bilim alýan okuwçylar gatnaşyp, çekeleşikli bäsleşmek bilen öz ukyp-başarnyklary görkezdiler.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Oguljeren ÇENDIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar