TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY — MAŞGALA OJAGY

Ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesiller babatda edilýän aladalarda ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiz aýdyň şöhlelenýär. Biziň türkmen halkymyz öz ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli edep-ekramy, ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen şu günki ösüp gelýän ýaş nesiller üçin görelde mekdebi bolup durýar.

Türkmen maşgalasyna agzybirlik, asudalyk, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň ajaýyp gylyk-häsiýetler mahsusdyr. Halkymyzyň göwher hazynasy bolan pähim-paýhasy, sabyrlylygy, belent ahlak häsiýetleri, pespälligi we kanagatlylygy kalplara nur çaýýar.

Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ynamly, ygrarly we dogry ýol bilen hereket etmeginde arassa ahlakly, päk terbiýeli, aň-düşünjeli, sagdyn garaýyşly, watansöýüji nesil bolup ýetişmeklerinde düşündirijilik we terbiýeçilik ähmiýete eýe bolan tymsallary, nakyllary, ertekileri we ýaş nesiller üçin niýetlenen goşgulary peýdalanmak netijeli usullaryň biri hasaplanylýar. Türkmen nakyllarynda we atalar sözünde akyl-paýhasyň, ýiti aňyň, ýatkeşligiň, suhangöýlügiň eýesi bolan parasatly pederlerimiziň paýhasly sözleri, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş tejribelerini, dünýägaraýşyny, däp-dessurlaryny, ýagşylyk-ýamanlyk hakyndaky pelsepewi garaýyşlaryny özünde jemleýär. Şonuň üçin hem öýde çagalara rowaýatlary, nakyllary we atalar sözlerini aýdyp bermek, olaryň many-mazmunyny düşündirmek zerurdyr.

Milli gymmatlyklarymyzy, ata-baba ýol ýörelgelerimizi dabaralandyrýan, olary ýaş nesillere wagyz etmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak,il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Nartäç GANÝOKMAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar