Golaýda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Balkan welaýat komiteti, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Balkan welaýat komiteti we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda uruş we tylda zähmet çeken weteranlaryň ojaklarynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlamak we sylaglamak maksady bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda gahrymançylykly söweş ýoly, duşmana garşy mertlerçe göreşen Watan ogullarynyň edermenligi, gaýduwsyzlygy, häzirki wagtda uruş we tylda zähmet çeken weteranlara goýulýan hormat-sarpa dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Ýurdumyzda Watan gerçeklerine çuňňur sarpa goýýan, türkmen halkynyň bagtyýar, parahat durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.