ÝAŞLARYŇ TELEKEÇILIGI — YKDYSADY INNOWASION ÖSÜŞLERE BADALGA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, bu ugurda zehinli ýaşlary ýetişdirmek maksady bilen, talyplaryň arasynda «Ýaşlaryň telekeçiligi-ykdysady innowasion ösüşlere badalga» atly hünär bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde toparlar özara bäsleşip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek ugrunda taýýarlan taslama maketlerini düşündirdiler. Bäsleşige gatnaşanlara we ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maýagül GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar