Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň welaýat häkimligi, welaýat jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda edara-kärhanada zähmet çekýän ýaşlaryň, talyplaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň watansöýüjilik, parahatçylyk, edermenlik ýaly mukaddes kadalaryna berk eýeren merdana türkmen gerçekleriniň doganlyk halklar bilen egin-egne berip, söweş meýdanlarynda batyrlygyň we watançylygyň belent nusgasyny görkezendikleri, tylda galanlaryň ýagty geljege, parahatçylyga we Ýeňşe bolan synmaz ynam bilen gije-gündiz zähmet çekendikleri, eşretli zamanamyzda weteranlar hakynda alada türkmen döwletiniň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara gül çemenleri hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň abadançylygyny, türkmen halkynyň bagtyýar, erkana durmuşyny üpjün etmegi ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülnara SARYBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň işgäri.