Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy mynasybetli futbolçylarymyzyň gazanan ajaýyp üstünligini wagyz etmek maksady bilen «Taryhy ýeňiş – milli futbolumyza şan» atly söhbetdeşlik Arkadag şäheriniň 10000 orunluk stadionynda söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen sportunyň dünýädäki abraýynyň arşa galmagynda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylda «Arkadag» futbol toparynyň döredilmegi ýurdumyzyň sport durmuşynda uly waka boldy.
«Arkadag» futbol toparynyň bu üstünliginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şöhratly wakalarynyň biri hökmünde taryha girjekdigi şübhesizdir. Çünki “akylly” şäheriň «Arkadag» futbol topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň Kubogyna mynasyp bolup, türkmen sportunyň şan-şöhratyny belende göterdi.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň esasy hünärmeni.