Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek hem-de ýurdumyzda ýokary derejede toýlanylýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hünärmeni Jennet Geldiýewa, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň Saglyk öýüniň maşgala lukmany Gülbahar Durdyýewa, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Aýsona Orazowa dagy myhman hökmünde gatnaşyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Baş Kanunymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde, döwlet nyşanlarymyzy goramakda, ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrmakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda buýsançly gürrüňleri etdiler. Şeýle-de çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä döwletleri bilen özara dost-doganlyk gatnaşyklary, ylym-bilim, ulag-logistika, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyklar, şol sanda Milli Liderimiziň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynda garalan meseleler dogrusynda täsirli söhbetleri etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.