EDEP-TERBIÝELI NESILLER – BAGTYÝAR GELJEGIMIZIŇ EÝELERI

Şu gün Arkadag şäher prokuroturasynyň, Arkadag şäher kazyýetiniň, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäher Döwlet migrasiýa gullugynyň, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren gymmatly tabşyryklary, öwüt-ündewleri, maslahatlary esasynda Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, olara türkmençilik ýol-ýörelgelerini düşündirmek, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmagyny gazanmak, jenaýatçylyklaryň, öz janyna kast etmek ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen bu çärede baý mazmunly çykyşlar edilip, mekdep okuwçylaryna degerli maslahatlar berildi.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 89 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

12 Iýun 2025 | 375 okalan

MILLILIGIMIZ DABARALANÝAR