Düýn Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Arkadag şäher döwlet arhiwiniň hem-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Beýik Ýeňiş – mizemez hatyra» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Onda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda batyrlarça söweşen, nesilleriň parahat ýaşamaklary, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janlaryny gurban eden ata-babalarymyzyň watançylyk ýoly, tylda arman-ýadaman zähmet çekip, fronta saldamly goşandyny goşan zenanlaryň we ýetginjekleriň gahrymançylykly hereketleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşliklerde
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigi, dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy, dost-doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly tagallalaryň durmuşa geçirilýändigi, dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň gerimini giňeltmek, ynanyşmak we özara düşünişmek gurşawyny berkitmek üçin zerur işleriň amala aşyrylýandygy dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza halklaryň arasyndaky agzybirligi berkitmekde, dost-doganlygy pugtalandyrmakda, ýurdumyzda we dünýäde parahatçylygy gazanmakda öňe sürýän başlangyçlarynyň rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.