«GURÝAN DÖWLET – GURPLY DÖWLET»

Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli ylmy döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu duşuşygy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Röwşen Şyhberdiýew alyp baryp, onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umyda Kakaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň partiýa guramaçysy Ogulnur Annadurdyýewa hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Kakageldi Çaryberdiýew dagy çykyş etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininden kemala gelen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen açylyp, ýaşlaryň hyzmatyna berlen Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçilikleri dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.

Orazgeldi ATAHALLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň baş buhgalteri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 0 okalan

«GURÝAN DÖWLET – GURPLY DÖWLET»

19 Iýun 2025 | 95 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA