Şeýle şygar bilen ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda täsirli çykyşlara giň ähmiýet berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagy döwletliligimiziň synmaz sütünleri bolup, bu mukaddeslikleri goramak we geljekki nesillere miras galdyrmak bagtyýar türkmen ýaşlarynyň mukaddes borjudyr.
Baýramçylyk çäresiniň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berildi. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan şirin aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleri, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgertmeleri buýsanç bilen ýaňlandy.
Ýokary ruhubelentlige beslenen dabaranyň dowamynda öňdebaryjy ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem dabaraly gowşuryldy.
Orazgeldi ATAHALLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň baş buhgalteri.