PARAHATÇYLYK WE ÖSÜŞ ÜÇIN BÜTINDÜNÝÄ YLYMLAR GÜNI

10-njy noýabrda dünýäniň ähli ýurtlarynda Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni bellenilip geçilýär. Bu gün 2001-nji ýylda ÝUNESKO-nyň başlangyjy esasynda döredilip, esasy maksady ylym arkaly dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň ähmiýetini giňden wagyz etmekdir.

Ylym – adamzadyň ösüşiniň binýadydyr. Her bir jemgyýetiň, her bir döwletiň ösüşi ylmyň derejesi bilen ölçenilýär. Ylym adamlara tebigaty, jemgyýeti, tehnologik ösüşi we ekologik meseleleri düşünmäge, çözgüt tapmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda hem ylyma aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym ulgamynda üstünlikler gazanmak üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş alymlaryň täze pikirleri, innowasion taslamalar, halkara hyzmatdaşlyklar — bularyň ählisi ýurdumyzyň ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga hyzmat edýär. Türkmen alymlary häzirki wagtda halkara ylmy merkezleri, institutlary we guramalary bilen oňyn hyzmatdaşlyklar edýärler. Bu hyzmatdaşlyk ylmy maglumat alyş-çalyşlaryny giňeldýär, ýaşlary ylyma höweslendirýär. Ylmyň ösdürilmegi diňe bir ykdysady ösüşe däl, eýsem jemgyýetde parahatçylykly we durnukly ösüşe hem ýardam edýär.

Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni ylyma, bilime, döredijilige hormat goýmagyň, alymlaryň zähmetine ýokary baha bermegiň günüdir.

Aziz ROZUMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.