Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda Hasyl toýy giňden bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň beýanydyr.
Daýhanlarymyz topraga yhlas siňdirip, oba hojalyk ekinleriniň ýylyň-ýylyna bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler, ýurdumyzyň bereket-bolçulygyna saldamly goşant goşýarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem zähmetkeşlerimiziň yhlas-azaby ýerine düşdi. Olar däneçilikde, ýüpekçilikde, maldarçylykda we oba hojalygynyň beýleki ugurlarynda guwandyryjy netijeleri gazandylar. Daýhanlarymyz tarapyndan öndürilen datlydan tagamly, şirinden şeker bakja önümleri, miweler we ir-iýmişler ildeşlerimiziň toý saçagyna bereket bolup dolýar.
Şanly günlerde güneşli Diýarymyzy gurşap alan Hasyl toýunyň dabaralary bolsa, edermen zähmetkeşlerimiziň sahawatly topragymyzdan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň nyşanydyr. Bu sene ulus-ilimiziň şatlygyna şatlyk goşup, beýik döwrümize bolan guwanjyny goşalandyrýar, päk zähmete yhlasyny artdyrýar.
Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde ýurdumyzyň bereket-bolçulygyna saldamly goşant goşýan zähmetsöýer halkymyzyň öndürijilikli zähmeti hem-de eşretli durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.
                    
                    
                    
                            
                    











