MAŞGALAM – BAŞ GALAM (Hekaýa)

Ejem hemişe daň saz berende bizden has ir oýanýardy. Adatdakylar ýaly, mähribanym, bu gün hem gyzgynjak ertirlik taýynlap, bizi mylaýym elleri bilen ýuwaşjadan yralap oýardy. Kakamyzyň ir turup işe gidýänine seretmese-gä, hemmämiz bir desterhanyň başyna jem bolup ertirlik edinýärdik. Ejem gülli saçagyny açyp gördi. Onuň içinde mundan üç-dört gün öň ýapylan ýagly petirlerden az-owlak galypdyr. Ertirlik edinip bolnandan soňra, ejem: «Bular bilen bu gün oňňut edip bolmaz» diýip içini gepledip, çörek bişirmegiň ugruna düşdi. Öňlügini dakynyp, kendirigini ýazdy-da, elenen unlary bir ulurak jama guýdy. Üstüne mylaýymjyk suwa ezilen hamyrmaýany goşup, hamyr ýugurmaga başlady. Taýýar bolan hamyryň üstüni yssy basyryp, hamyry alýança tamdyryna ot goýbermäge durdy. Odundan ýüki ýeten tamdyr mazaly gyzandan soňra kesewiniň kömegi bilen içindäki közleri gorsap, ýaýradyp köretdi. Onýança, alan hamyryny böleklere bölüşdirip, çörek ýasady. Iç ýüzi agaran tamdyryň körüklerini hem kerpiç bölekleri bilen dykyşdyrdy-da, hamyr çöreklerini repidesiniň üstüne goýup, bedresindäki suwdan olaryň ýüzüne çaldy. Gyzgyn tamdyra ýapylan çörekleri bişeninden soňra ýeňligi bilen goparyp, gazawy bilen arkasynda galan-gaçan kesek böleklerini mazalyja gazady. Tamdyrdan ýaňy çykan çöregiň ysy burnuma juda çalt urdy. Men jigim Göwheriň elinden tutup ony tamdyryň başyna eltdim. Ejem mähirli ýylgyryşy bilen, gyzgyn çörekden iki bölek böldi-de suwa batyryp, ikimize uzatdy. Tagamyndan ýaňa agzyň süýjäp gidýän bal ýaly çöregi iýip doýar ýaly däldi. Sebäbi ejemjan oňa öz yhlasyny goşypdy. Ejem biziň başymyzda janserek bolup, öz ýadawlygyny ýadyndan çykardy.

Öýlänlik jigim Göwher bilen men ejeme nahar bişirmäge kömekleşdim. Biziň elimizden gelýän ujypsyzja kömekler ejemiň göwün guşyny galkyndyrýardy. Jigimiň has kiçiligine garamazdan, köýnegine çolaşyp, ylgaşlap bitirýän işleri meni-de begendirdi. Kakamyň işden gijara ýadap geljegini men öňünden duýýardym. Biz ejeme desterhany uludan ýazmaga-da kömekleşdik. Ejem gyzlaryna juda buýsanýardy. Kakam gelýänçä, öz otagymyzda ertirki ýumuşlara, sapaklarymyza taýynlandyk. Ynha, arzyly garaşylýan pursadymyzam gelip ýetdi. Gapymyz kakyldy. Meniň bilen ejemdenem öňürtiläp, gapy açylandan Göwher kakamyň boýnuna bökdi. Kakamam edil ejem ýaly, işden aryp gelenini asla duýdurmaýardy. «Göwün göwünden suw içer, gamyş bogundan» diýlişi ýaly, bir-birege hormat-sylag, mähirlilik, ula sarpa, kiçä söýgi biziň agzybir maşgalamyzy gyzgyn ojagyň saçagynyň başyna jem edýärdi. Şunlukda, biziň maşgalamyz ajaýyp pursatlar astynda bagtly durmuşyň bagtyýar günlerini garşylaýardy.

Sähra TÄJIMYRADOWA,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň daşary ýurt

dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

03 Noýabr 2025 | 59 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM (Hekaýa)

31 Oktýabr 2025 | 172 okalan

MILLI MANADYMYZ — YKDYSADY GÜÝJÜMIZ