NARYŇ PEÝDASY BARADA

Türkmen topragynyň güneşli howasynda ösdürilip ýetişdirilýän miweleriň arasynda nar aýratyn orun eýeleýär. Bu miwe diňe bir tagamy bilen däl, eýsem adam saglygyna peýdalylygy bilen tapawutlanýar. Nar ýyly howa şertlerine uýgunlaşan ösümlik bolup, miwesi güýz möwsüminde ýetişýär. Her bir nar öz içinde ýüzlerçe dänäni saklaýar. Şonuň üçin hem halk arasynda nar bolçulygyň, bereketiň we agzybirligiň nyşany hökmünde hem tanalýar.

Naryň, onuň miwesiniň, gülüniň peýdasy barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin bellenilip geçilýär. Nar öz düzüminde dürli witaminleri, minerallary we antioksidantlary saklaýar. Onuň düzüminde A, C, E witaminler, şeýle hem demir, kalsiý, fosfor ýaly möhüm maddalar bardyr. Şonuň üçin hem naryň şiresi bedeniň güýjüni artdyrmaga, gan aýlanyşygyny gowulandyrmaga we ýürek-damar ulgamyny goramaga kömek edýär.

Miwäniň düzümindäki antioksidantlaryň bedende zyýanly radikallaryň köpelmeginiň, ýürek keselleriniň, gan azlygyň öňüni almakda hem peýdasy uludyr.

Türkmen topragynda nary ösdürip ýetişdirmek köpasyrlyk däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde naryň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Balkan welaýatynyň Magtymguly, Etrek etraplarynda ösdürilýän naryň tagamy aýratyn süýjüligi bilen tapawutlanýar.

Nar türkmen topragynyň güneşli miwesi, onuň her dänesi saglygyň gözbaşydyr.

Owadan BABAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň hojalyk işleri boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 45 okalan

ŞU GÜNE BUÝSANÇ, ERTIRE YNAM

07 Noýabr 2025 | 40 okalan

NARYŇ PEÝDASY BARADA

04 Noýabr 2025 | 177 okalan

BEREKET-BOLÇULYGYŇ MEKANY