TÜRKMENISTAN SAMARKANTDA GEÇIRILÝÄN ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA MILLI TOPARLARYŇ MEJLISINE GATNAŞÝAR

Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýanyň 43-nji mejlisi geçirilýär. 2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda bu konferensiýanyň çäklerinde Guramanyň agza ýurtlarynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 12-nji sebitara mejlisi boldy. Duşuşykda türkmen tarapyna ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa wekilçilik etdi.

Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasarlary, bu halkara guramanyň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary, ÝUNESKO-nyň işleri barada agza ýurtlaryň milli toparlarynyň jogapkär sekretarlary derejesindäki wekiller gatnaşdylar.

Mejlisiň açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň birinji orunbasary jenap Szin Sýuý, ÝUNESKO-nyň Afrika ugry we daşary gatnaşyklar boýunça Baş direktorynyň orunbasary, şeýle hem ÝUNESKO-nyň işleri barada Özbegistanyň milli toparynyň başlygy, Özbegistanyň sungaty we medeniýeti ösdürmek gaznasynyň başlygy, Özbegistan Respublikasynyň Prezident Administrasiýasynyň döredijilik ykdysadyýeti we syýahatçylyk bölüminiň müdiri çykyş etdiler.

Çäräniň çäklerinde dört sany mowzuklaýyn sessiýa boldy: «Parahatçylygy, adam hukuklaryny, sosial integrasiýasy we durnukly ösüşiň bähbidi üçin bilimi öňe sürmekde ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek», «Sanly döwürde medeniýetleri we jemgyýetleri birleşdirmek: miras, durnukly syýahatçylyk we Ýüpek ýoly»; «Milli toparlar strategik hyzmatdaşlar hökmünde: strategiýa, maksatnamalar we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikde işlemek»; «Durnukly ösüşiň bähbidi üçin ylmy öňe sürmekde we inklýuziw jemgyýetleri gurmakda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak».

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary üçünji sessiýada çykyş etdi. Ç.Rüstemowa öz çykyşynda toparynyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işine işjeň gatnaşmagynyň halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmaga we bilim, ylym, medeniýet we kommunikasiýa ulgamynda umumy maksatlary öňe sürmäge ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy.

Mejlisiň dowamynda möhüm meseleleri, şol sanda hasabatlara garamagy, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn başlangyçlaryň seljermesini, şeýle hem ÝUNESKO-nyň  sebit düzümleriniň we milli toparlarynyň özara baglanyşygynyň tejribesini gowulandyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi.

Nobatdaky sebitara mejlisi ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlaryň ÝUNESKO-nyň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň dowam edýän işine goşant goşmaga, Guramanyň maksatnamalaryny we onuň strategik üýtgeýşini amala aşyrmakda milli toparlaryň ornuna degişli pikir alyşmak üçin meýdançany üpjün etmäge bolan berk islegi aýdyň görkezdi.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar