SAMARKANTDA ÝUNESKO-NYŇ BAŞ KONFERENSIÝASYNYŇ 43-NJI MEJLISI AÇYLDY

2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde guramanyň esasy dolandyryş edarasy bolan ÝUNESKO-nyň  Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisi açyldy. ÝUNESKO-nyň Baş müdiri Odre Azue açylyş mejlisine gatnaşdy.

193 ýurtdan 5000-den gowrak gatnaşyjy, şol sanda döwlet we hökümet baştutanlary, ministrler, alymlar we medeniýet, ylym we bilim pudaklarynyň ýolbaşçylary Özbegistanda ýygnanyp, medeni gepleşiklere we özara düşünişmeklige esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Baş konferensiýanyň dowamynda onuň başlygynyň saýlawy geçirildi we oňa  Bangladeşiň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,  Bangladeşiň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili jenap Honder Muhammet Talha saýlandy,  şeýle hem ÝUNESKO-nyň ýolbaşçy guramalarynyň,   hökümetara we halkara maksatnamalarynyň saýlawlary geçirildi.

Konferensiýanyň çäginde ÝUNESKO-nyň 14-nji ýaşlar forumy geçirilip,  onda howanyň üýtgemegine garşy göreş we onuň täsiri bilen bagly meselelere garaldy. Foruma, takmynan, 140 ýurtdan 150-den gowrak ýaş ýolbaşçy  gatnaşdy.

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisi 13-nji noýabrda dowam eder.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar