Häzirki günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu syýasy-jemgyýetçilik çäresine her bir adamyň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen etrabymyzyň çäginde geçirilýän maslahat duşuşyklarydyr, wagyz-nesihat çäreleri giň gerime eýe bolýar.
Ýaňy-ýakynda Türkmengala etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmengala etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty – taryhy özgertmeleriň başlangyjy» ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa etrap halk maslahatynyň agzalary, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakasyna öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada joşgunly çykyşlar diňlenildi.
Çykyş edenler bu syýasy-jemgyýetçilik çäresine görülýän taýýarlyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny, onuň netijesinde il-ýurt bähbitli işleriň durmuşa geçirilmegi üçin wajyp kararlaryň kabul edilýändigini buýsanç bilen bellediler. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň giňden belleniljek günlerinde Aşgabat şäherinde geçiriljek bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň milli demokratiýamyzyň aýdyň dabaralanmasy boljakdygy baradaky çykyşlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem çykyşlaryň her birinde türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Bilbil JUMAÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap
GeňeşiniňGuramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.