Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleir giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem bu şanly waka bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen duşuşygyň esasy maksady türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyry, filosofy Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpany ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz- etmek maksady bilen guraldy. Oňa şol guramanyň we kitaphana ulgamynyň işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Täsirli geçen wagyz-nesihat çäresinde many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly, onuň ýaş nesillere miras galdyran döredijiligi we akyldar şahyra ýurdumyzda goýulýan belent sarpa dogrusynda giňişleýin gürüň etdiler. Duşuşykda dana şahyryň akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp döredijiliginiň ata Watana we halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdepdigine, şeýle hem dana şahyryň inçe duýga ýugrulan öwüt-ündewli eserlerinde nesil terbiýesi babatynda öňe sürülýän parasatly pikirlere aýratyn üns çekildi.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar türkmen edebiýatynyň solmaz çyragy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.