TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

     Düýn şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda brifing duşuşygy geçirildi. TMÝG-niň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň wekilleriniň, işjeň agzalaryň hem-de kitaphanaçylaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek we bu  wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen guraldy.

     Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan brifing duşuşygynda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary derejelere çykarmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň ýokary derejede alnyp barylýandygy, ýokary netijeli durmuş ugruna gönükdirilen ykdysady syýasatyň türkmen döwletiniň ösüşlerini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini täze derejä çykarmaga mümkinçilikler berýändigi dogrusynda täsirli söhbet edildi.

     Şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň biziň welaýatymyzda-da barha işjeň häsiýete eýe bolýandygy, şeýle hem bu umumymilli forumyň demokratiýamyzyň dabaralanmasy boljakdygy baradaky buýsançly gürrüňler çykyşlarynyň özenini düzdi.

     Şeýle hem çykyşlaryň her birinde eziz Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Maksat JANMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Indiki makala

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 247 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 503 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK