MERDANA NESIL – 2023 ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ KÖPETDAG ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

      Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edýän «Merdana nesil - 2023» atly şadyýan bäsleşiginiň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap tapgyry Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda şatlyk-şowhun bilen geçirildi. Bäsleşik üç şert boýunça geçirilip, onuň birinji şertinde türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpany, bagtyýar zamanamyzyň ýetilen üstünliklerini, ýürek buýsançlaryny gatnaşyjylar çeper sözüň üsti bilen beýan etdiler. Çagalar bäsleşigiň ikinji şerti boýunça ýekelikde şorta söz ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. «Merdana nesil—2023» atly bäsleşiginiň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap tapgyrynda bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan zehinli çagalar — Aşgabat şäheriniň 56-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Arslan Rozamyradow 1-nji orna, Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Emirhan Annamuhammedow 2-nji orna, Aşgabat şäheriniň 79-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Artyk Öwezgeldiýew 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

 

 

Oguljahan TÖRÄÝEWA,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI