Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar nesilleriň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işleri öz miwesini berýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini, bilimlerini ösdürip, olaryň ähli taraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen birnäçe bäsleşikler yzygiderlikde geçirilýär.
Ýakynda Aşgabat şäheriniň 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edýän «Merdana nesil - 2023» atly şadyýan bäsleşiginiň Bagtyýarlyk etrap tapgyry uly şowhun bilen geçirildi.
Bu bäsleşige etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy oglanlaryň 13-si gatnaşdylar. Bäsleşigiň 1-nji şerti boýunça oglanjyklar Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işler, Türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgini, ata – babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzyň ýetilen üstünliklerini, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen wasp etdiler. 2-nji şerti boýunça bäsleşige gatnaşýan oglanjyk ýekelikde şorta söz ýerine ýetirdiler. 3-nji şerti boýunça Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy dost-doganlygy wasp edýän aýdym- sazly çykyş ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.
Gyzgalaňly geçen bäsleşikde 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 3-nji “A” synp okuwçysy Durdyýew Daýanç, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 145-nji orta mekdebiniň 5-nji “Ç” synp okuwçysy Mämmetgulyýew Perman, 3-nji orna Aşgabat şäheriniň 63-nji orta mekdebiniň 5-nji “B” synp okuwçysy Agamyradow Adyl dagylar mynasyp boldular. 1-nji, 2-nji orna mynasyp bolanlar bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Güljeren NURLAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.