Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň ruhy taýdan ösmegini, milli medeniýetimize we sungatymyza hormat goýmaklaryny gazanmak, olaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edýän «Merdana nesil - 2023» atly şadyýan bäsleşiginiň Büzmeýin etrap tapgyry uly şowhun bilen geçirildi. Bäsleşikde 1-nji orna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid Bin Sultan Al Nahhaýan adyndaky Döwletliler köşginiň 5-nji synp okuwçysy Bäşimow Kerim, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 106-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gurbanow Muhammetaly, 3-nji orna bolsa Aşgabat şäheriniň 58-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Motyýew Ybraýymhabib hem-de 147-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Annadurdyýew Baýramgeldi dagylar mynasyp boldular. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy. «Merdana nesil – 2023» atly şadyýan bäsleşige gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Aýnagözel ORAZDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.