Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli guramanyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň hem-de Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda «Ynamly öňe barýar bagtyýar ýaşlar» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Onda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işleriň her bir ynsanyň, esasan-da, ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülendigi barada, ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi,dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak esasy wezipeleriň biridigi dogrusynda şeýle-de giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilendigi barada buýsançly gürrüň berdiler.
Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan talyp ýaşlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy şeýle hem Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar ýaşamagy, halal zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, röwşen ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gulaýym AŞYROWA,
TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.