TÜRKMEN ÝAŞLARYNYŇ ÝAGTY GELEJEGI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän beýik tagallalarynyň netijesinde, dünýä täze taslamalardyr başlangyçlar bilen çykýan, ynanyşmak ideýalaryny öňe sürýän Türkmenistanyň abraý mertebesi gün-günden belende galýar. Ykballarymyza bagt nuryny çaýan ajaýyp döwrümizde türkmen ýaşlary ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerdir, ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, dünýä ýaşlary bilen bäsleşip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Häzirki döwürde dünýä ýaşlary howanyň, zähmet bazarynyň üýtgemegi, globallaşmagyň güýçlenmegi ýaly şertleriň, ösen tehnologiýalaryň döwründe ýaşaýar. Halkara derejede we aýry-aýry döwletlerde ýaşlaryň döredijilikli başlangyçlaryny, hyjuwyny we bilim-taýýarlyklaryny goldap, giň mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen strategiýalar, maksatnamalardyr meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Olarda, ilkinji nobatda, «serhetsiz mümkinçilikleriň nesliniň» ýokary hilli we üznüksiz bilim almagyny, hünär öwrenmegini hem-de mynasyp iş orunlary bilen üpjün edilmegini gazanmak göz öňünde tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýip belleýär.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 10-njy iýunynda gol çeken Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklandy. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygynyň nyşanydyr. Strategiýanyň esasy wezipeleriniň hatarynda ýaşlary sebit we halkara meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň çekmek üçin şertleri döretmek, ýaşlary ählumumy we sebit derejelerindäki hökümetara forumlaryň işine gatnaşmaga çekmek, şeýle hem Türkmenistanyň ýaş wekilleriniň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga bagyşlanan işine gatnaşmagyny höweslendirmek ýaly işler bar. Baky Bitarap döwletiň bagtyýar ýaşlaryna kalbynyň töründen orun berip, olary ezizleýän, olaryň başarjaňlygyna, zehinine, edermenligine, zähmetsöýerligine, ýiti üşükliligine, düşbüligine, dogruçyllygyna, döredijilikli işlemekde jöwher pähimliligine guwanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, dünýäniň dostluk, ynsanperwerlik hem-de sahawatlylyk daragtyny gülletmek ugrundaky beýik işleri rowaç alsyn!

 

Begenç MERETGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI