Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar Ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen mähriban Watanymyzda toýlar-toýa, baýramlar-baýramlara beslenýär. Ynha bu günki gün hem Diýarymyzda her ýyl däbe öwrülen ekerançylygyň tutanýerli zähmetine, sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla bolan ählihalk buýsanjyny alamatlandyrýan hasyl toýunyň dabaralary çar ýany gurşap aldy. Hasyl toýy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, TDP-nyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda «Harmanyňa bereket türkmen daýhany» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu çärede Watanymyzda bol hasyly ýetişdirýän oba zähmetkeşlerini wasp edýän döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly baş ýörelgeleri esasynda ýurdumyzyň şäherleri, obalary düýpgöter özgerdi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokary göterildi. Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alan gözel paýtagtymyz Aşgabat ýaňy-ýakynda ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherleriniň toruna «DIZAÝN» ugry boýunça girizilmegi ähli halkymyzyň buýsanjyny hasda artdyrdy. Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk hem gülledip ösdürmäge halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Altyn DURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
esasy hünärmeni.