MAŞGALA MUKADDESLIGI WE MILLILIK

       Ýakynda Aşgabat şäheriniň 5-nji orta mekdebinde TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärä mekdep okuwçylary hem-de myhmanlar gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Watan mukaddesligi, tertip - düzgün, kanunçylyk, millilik, arassa ahlaklylyk, maşgala mukaddesligi barada söhbetli gürrüňler edildi.

       Türkmen halkynyň ruhy - ahlak terbiýesiniň, ýaş nesillere görelde bolarlyk derejede nusgalyk ýoly bar, her bir zadyň gözbaşynda, ýaş nesilleriň edep-terbiýesiniň aňyrsynda ata-babalarymyzyň timarlap, taraşlap biziň döwrümize ýetiren milli edep-kadalary, däp-dessurlary, göreldesi bar. Türkmen halkynyň ýol-ýörelgelerinde watançylyk, ene-atany gadyrlamak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, myhmansöýerlik, zähmetsöýerlik we lebzihalallyk ynsany bezeýän ajaýyp ahlak häsiýetler hökmünde ykrar edilýär. Bu häsiýetler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlaryna mahsus bolmalydyr.

       Özara düşünişmek, birek-birege geçirimlilik edip, ylalaşyk gazanmak agzybir gatnaşyklaryň esasy aýratynlyklarydyr. Agzybir maşgalalardan düzülen jemgyýet sagdyn jemgyýetdir. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň gülläp ösmeginiň iň esasy şertidir diýip çykyş edenler öz sözlerinde belläp geçdiler.

       Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar ýaşlarmyzyň okamagy öwrenmegi öz saýlap alan kärleriniň eýeleri bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Senem GARAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI