ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyp ýaşlarynyň arasynda «Ýaşlar – Watanymyzyň geljegi» ady bilen iki tapgyrda ders bäsleşigi geçirildi. Çärede milli manadymyzyň taryhyna we häzirki ýagdaýyna degişli maglumatlaryň we eksponatlaryň (materiallaryň) sergisi gurnaldy. Bäsleşigiň birinji tapgyryna talyp ýaşlar milli manadymyzyň taryhy we häzirki ýagdaýy, döwrebap bank hyzmatlary, bank ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşykly temalar boýunça çykyş etdiler. Ikinji tapgyrynda ykdysady derslerden beriljek soraglara 30 sekund wagtyň içinde jogap berdiler. Talyp ýaşlaryň bäsleşikde görkezen netijeleri boýunça emin agzalarynyň çykaran çözgütleri esasynda ýeňiji orunlar kesgitlendi. Ýeňiji bolan we gatnaşan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan höweslendiriji hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

 

 

Bahar ORAZOWA,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň

uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI