Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän medeniýet we sungat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Eserlerde türkmen alabaýlary bilen baglanyşykly taryhy wakalar, gündelik durmuşdan alnan pursatlar, milli däp-dessurlar, gözel tebigatymyzyň künjekleri we medeni mirasymyz çuňňur wasp edilýär. Şeýle-de görkezilen sungat eserleriniň taslamalarynda türkmen alabaýynyň gahrymançylykly hereketleri, watansöýüjilik häsiýetlerini, aklynyň ugurtapyjylyk ýollaryny görmek bolýar.
Bu gün döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy. Olardan «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Önümçiligi gurmak bölüminiň baş hünärmeni-suratkeşi Amanmyrat Gulberdiýewiň «Türkmen alabaýy» atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 4 -nji ýyl talyby Bägül Artykowanyň «Türkmeniň guwanjy – asyrlaryň buýsanjy» atly surat eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Selbi Jumadurdyýewanyň «Wepaly maşgala» atly heýkeli, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň surat dizaýneri Maýsa Ataberdiýewanyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalynyň bezeg işleri, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory Döwletgeldi Hudaýberdiýewiň «Wepadar» atly wideo şekili üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan baýraklar we degişli diplomlar gowşuryldy.
Ýeňijileriň her biri edermen alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ornuny beýan edip, wepalylygyň tebigy nusgasy, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamaty bolan türkmeniň alabaýlarynyň dünýädäki şan-şöhradyny beýan etdiler.
Nurana SÄHETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Amaly-haşam sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.