Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýlarynyň şöhraty, ähmiýeti, gymmaty täze derejelere göterildi. Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň döwlet derejesinde giňden bellenilmegi-de çuňňur many-mazmuna eýedir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär. Gadymyýetden gözbaş alan, taryhda öçmejek yz goýan milli mirasymyz adamzat medeniýetiniň gazananlaryna deňsiz-taýsyz goşantdyr. Türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bolan türkmen halysy, ahalteke aty, alabaý iti, saryja goýny, milli senetçiligi asyrlar aşyp, geçmişden şu günlerimize öz gymmatyny ýitirmän gelipdir. Türkmen halkynyň şan-şöhratyny dünýäde beýgelden gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri saýylýan, edermenligi, wepalylygy, akyllylygy bilen tapawutlanýan meşhur alabaýlarymyzyň şanyna baýram edilmegi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna aýratyn buýsanýan halkdygynyň güwäsidir. Ine, şu gün hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň hem-de «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň bilelikde gurnamagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy — milli mirasymyz» atly şygar astynda aýdym-sazly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäräniň dowamynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň öňdebaryjy işgärlerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Duşuşyga gatnaşan ýaşlar halkymyzyň göz guwanjy we milli mirasy bolan türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Näzik ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.