GYZYKLY GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

       Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadygy, bu dostlukly gatnaşyklar iki ýurduň sebitleriniň we şäherleriniň derejesinde hem ýola goýlup we işjeňleşip başladygy dogrusynda şeýle hem Hytaýyň Zenanlar we çagalar milli muzeýinde Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň ene-mamalarymyzdan miras galan gaýtalanmajak sungat hasaplanýan nepis türkmen halylarynyň dürli görnüşleri, el işleriniň nusgalary barada eden täsirli gürrüňleriniň ähmiýeti dogrusynda söhbetli gürrüňler etdiler. Buýsançly gürrüňleriň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan döwlet bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 242 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 488 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

25 Iýun 2025 | 477 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI