KALPLARY BUÝSANÇLY ÝAŞLAR

     Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, Bagtyýarlyk etrap Prokuraturasy hem-de Aşgabatdaky ýolagçy awtoulaglar kärhanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde gurnamagynda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulaglar kärhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly we giň gözýetimli, durmuş ugurlarynyň ýetilen sepgitlerinden habarly we olardan oňat baş çykarýan ýaşlary terbiýelemek hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza Gahryman adynyň dakylmagy dogrusynda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulaglar kärhanasynda zähmet çekýän işjeň agzalaryň gatnaşmagynda «Kalplary buýsançly ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu täsirli duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen sepgitler, sagdyn durmuş ýörelgesi, işjeň hereketlilik, arassaçylyk düzgünleri, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň wezipeleri, Ýaşlar guramasynyň agzalygyna kabul ediliş tertibini işjeňleşdirmek hem-de Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň, abraý-mertebesiniň ýokary göterilmeginiň bähbidine ak ýürekden yhlasly zähmet çekmek barada täsirli çykyşlar etdiler we sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda ýygnaga gatnaşan işjeň agzalarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

 

Gülsähra AMANOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 242 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 488 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

25 Iýun 2025 | 477 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI