WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy: ynamly ýaşlar, belent maksatlar, batly gadamlar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesiller barada döwlet derejesinde edilýän aladalar hakynda, Watanymyza, halkymyza, asylly ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ylymly-bilimli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýändigi hakynda, ýurdumyzda ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglerine esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy hakynda söhbetli gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagy, alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.

 

 

Ogulbibi MESKUTOWA,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 3 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 248 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

25 Iýun 2025 | 242 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI