SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljegi, röwşen ertiri üçin döredip berilýän giň mümkinçilikler dogrusynda, halkymyzyň ata-babalardan miras galyp, şu günlerimize çenli asyrlaryň jümmüşinden aşyp gelýän baý medeni gymmatlyklarymyz, olaryň ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekdäki ähmiýeti, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleri barada söhbetli gürrüňler edildi. Buýsançly gürrüňleriň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag bolmagy, alyp barýan döwlet bähbitli işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

 

 

Ogulbahar AÝAZOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 246 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

25 Iýun 2025 | 239 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI