YLYMLY-BILIMLI BAGTYÝAR ÝAŞLAR

     Ýaşlar döwrüň, milletiň döredijilik güýjüni özlerinde jemleýär. Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň saglyk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ylmyň iň soňky gazananlaryndan habarly nesli kemala getirmek, telekeçilik işine giňden höweslendirmek, ýaş maşgalalaryň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ýaşamaklary üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleri döredýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy» hereket edýär. Şol resminamalara laýyklykda, ýaşlar ykballaryny gülletjek beýik işler bilen meşgullanmaga, durmuşlarynyň döwrebap hem abadan bolmagyny üpjün etmek hukuklaryna eýe bolýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine durmuşa geçirilýän beýik başlangyçlarda ýaşlar hakynda alada aýdyň şöhlelenýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

     Dünýäde ilatyň aglaba bölegini ýaşlar düzýär. Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesliň raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak garaýyşlaryna, dünýägaraýşyna, beden saglygyna baglydyr. Güýçli raýat jemgyýeti bolan döwleti döretmekde ýokary intellektual mümkinçiliklere eýe bolan ýaşlara bil baglanýar. Ýaşlar döredijilik işiniň hem obýekti, hem subýekti hökmünde jemgyýetiň mundan beýläk-de demokratiýalaşmagyny, has-da ösmegini, ýurduň döwrebaplaşmagyny dowam edýän hakyky jemgyýetçilik güýjüne öwrülýär. Bularyň hemmesi ýaşlaryň hukuklaryny hem azatlyklaryny üpjün etmäge, ýurduň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna olaryň doly hukukly gatnaşmagynyň wezipelerine döwlet derejesinde juda jogapkärçilikli we çuňňur oýlanyşykly çemeleşilmegini talap edýär. Hormatly  Prezidentimiz üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk derejesine möhüm üns berýär.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu barada: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almagyny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitledi.

     Türkmen ýaşlaryna parasatly öwüt-nesihatlary bilen durmuşda ýol-ýörelge bolýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

 

 

Batyrgeldi MYRADOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

25 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI