Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramçylyklara beslenýär. Şu günler ýurdumyzda bolçulygyň, rysgalyň baýramy bolan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirilýär. Bu baýramçylyk türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda zähmet çekmäge, önüm öndürmäge ähli şertler döredilip berilýär, her bir öndürijilikli zähmet çekýän raýatlarymyza hormat, sylag edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň ýer ýüzündäki adamlaryň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda hem möhüm ähmiýeti eýedir. Şonuň ýaly-da, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmek, olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmak, ýaşlarda halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk häsiýetlerini terbiýelemek telekeçilige, senagata, innowasion tehnologiýalara, döredijilige dizaýna höwes döretmek maksady bilen TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň Mejlisler zalynda TSTP-niň Aşgabat şäher komiteti, TAP-niň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda «Agrosenagat dizaýn» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige islendik ýaşdaky tejribeli dizaýnerler gatnaşyp, ol 2 tapgyrda geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ukyp başarnyklaryny açyp görkezmäne şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.