Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän taryhy wakalary agzybir halkymyzyň kalbyna egsilmez ruhy joşgun eçilýär. Ýakynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ören alajalaryny hem-de alaja örende ulanan iş guralyny sowgat bermegi tutuş halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň buýsanjyny has-da artdyrdy.
Taryhy waka mynasybetli, golaýda Ýolöten etrabynyň Momataý Geňeşliginiň Talhatanbaba oba medeniýet öýünde Ýolöten etrap zenanlar bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. «Milletiň käbesi Ogulabat ejäniň nepisligiň nusgasyna öwrülen el işleri ýaş nesillerimiz üçin görelde mekdebidir» diýen at bilen guralan dabaraly maslahat turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa Ýolöten etrap zenanlar bölüminiň işjeň agzalary, kümüş saçly mährem eneler, medeniýet, bilim ulgamlarynyň zähmetsöýer gelin-gyzlary hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada taryhy wakanyň ähmiýeti baradaky çykyşlara giň orun berildi.
Zenanlaryň we ýaşlaryň ýürek buýsanjyny paýlaşmak hem-de taryhy wakany wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaraly maslahatda türkmen zenanlaryna görüm-görelde görkezen Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň çeper ellerinden dörän alajalary, bejeren kürtesidir gülli joraby dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler Ogulabat ejäniň el işleriniň ýaş nesiller üçin görelde mekdebidigini buýsanç bilen bellediler.
Muzeý gymmatlyklaryna bagyşlanyp geçirilen dabaraly maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Ýaňlanan şirin aýdymlarda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, ajaýyp döwrümiziň we halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan el işlerimiziň waspy ýetirildi. Maslahatyň ahyrynda milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna tükeniksiz alkyş sözleri aýdyldy.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.