KITAPSÖÝERLERIŇ BÄSLEŞIGI

     Halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýelän kitap gadymy döwürlerden bolşy ýaly, häzir hem medeni we aň-paýhas ösüşiniň esasy guraly hasaplanylýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin kitabyň ähmiýeti örän uludyr. Şol sebäpden hem, kitap bilen çagalaryň has ýakyn gatnaşykda bolmagyny gazanmak, olaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen yzygiderli çäreler geçirilýär.

     Hut şu nukdaýnazardan, ýakynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň»18-nji bendinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de «Miras» hojalyk jemgyýetiniň «Miras» okuw merkeziniň bilelikde guramagynda bäsleşik geçirildi. «Kitapsöýerleriň bäsleşigi» atly kitap okamak boýunça guralan bäsleşige welaýatymyzyň dürli ýaşdaky ýaşaýjylary gatnaşdylar.

     Ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, päk ahlakly, ruhubelent, ata Watanymyza wepaly nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak, olary kitap okamaga çekmek we ýatkeşligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşyjylar Žýul Werniň «Ýeriň daş-töweregine 80 günde» atly kitaby boýunça test tabşyrdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalaryň adalatly baha bermegi netijesinde ýeňijiler öňe saýlandy.

     Ýeňiji bolan kitapsöýüjilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de «Miras» hojalyk jemgyýetiniň «Miras» okuw merkeziniň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.

     Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 544 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 564 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER