MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň umumy bölüminiň müdiri Röwşen Geldimyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň esasy hünärmenleri Humaý Amanowa, Abdylla Hudaýberdiýew, telekeçi Berdimuhammet Çaryýew dagylar çykyş edip, olar 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  başda durmagynda ýurdumyzda telekeçiligi we hususy eýeçiligi ösdürmek, orta we kiçi telekeçilige goldaw bermek bilen baglylykda ýola goýulýan giň gerimli işleriň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Göwher KAKAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 8 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

30 Iýun 2025 | 544 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 564 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER