BAKYLYGYŇ NUSGASY

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän şanly wakalary türkmen halkynyň, esasan hem ýaşlaryň kalbyna egsilmez ruhy joşgun eçilýär. Ýakynda, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, Ogulabat ejäniň ören alajalaryny hem-de iş guralyny sowgat bermegi külli türkmen ilinde begenç hem-de buýsanç duýgusyny döretdi. Şoňa görä-de, şu günler welaýatymyzyň dürli ýerlerinde şol şatlykly wakanyň hormatyna söhbetdeşlik duşuşyklardyr, maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar geçirilýär.

     Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Enebaý Hommadowanyň mährem ojagynda guralan söhbetdeşlik hem şeýle täsirli duşuşyklaryň biri boldy. Taryhy waka mynasybetli «Bakylygyň nusgasy» ady bilen guralan söhbetdeşlik duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan guraldy.

     Söhbetdeşligiň başynda kümüş saçly mährem ene Enebaý Hommadowa çykyş edip: «Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň elinden çykan nepisligiň, ýagny mähir siňdirip ören alajasynyň hem-de alaja örende ulanan güjüm agajyndan ýasalan iş guralynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bagtdan paýly günlerimize nuranalyk çaýdy. Ençeme gymmatlaryň, şol sanda alajany hem nesilden-nesle geçirip gelýän enelerimiziň nusgalyk ýoly – geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar üçin ýol-ýörelgedir» diýip, belläp geçdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Ogulabat ejemiziň nepislik bilen dokan alajasy milli mirasymyzyň inçe sungatydygy, el işleriň bolsa, ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.

     Täsirli geçen söhbetdeşlik duşuşyga gatnaşyjylar milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Owadan ATDAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 544 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 564 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER