Dünýä halklarynyň içinde türkmen halkymyz özüniň baý medeni mirasy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen adamzat taryhynyň ösüşine önjeýli goşant goşan milletleriň hatarynda tanalýar. Nepis türkmen halylary, ajaýyp ahalteke bedewleri, wepaly alabaý itleri, amaly-haşam, senetçilik we zergärçilik önümleri hem-de aýdym-saz sungaty — bularyň ählisi ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçirip gelen beýik senetleridir. Hut şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda ýurdumyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary, gadymy senetçiligi, milli mirasy, taryhy ýadygärligi, edebiýaty, asylly däp-dessurlary, edim-gylymlary düýpli öwrenilýär we halk arasynda giňden wagyz edilýär.
Ýakynda, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny hem-de milli mirasyny geljekki nesillere düşündirmek, diňleýjiniň kalbyna aram berýän türkmen milli dutar saz guralynyň ýasalyşyny halk köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşleriniň «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Gadymy senet — müdimi senet» ady bilen Baýramaly etrabynyň Murgap geňeşliginiň ýaşaýjysy Bäşim Welläýew aganyň hojalygynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda ömrüniň köp ýyllaryny dutar ýasamak senetçiligine bagyşlan Bäşim Welläýew çykyş etdi. Ol türkmen milli dutar saz guralynyň ýasalyş usullary we tärleri barada şeýle gürrüň berdi: «Dutar 3 bölekden ybaratdyr. Olar kädi, gapak hem-de sap. Oňat dutar ýasamak üçin bolsa, gowy agaç gerek. Şol oňat agaç bolsa, tut agajydyr. Türkmen dutarynyň asyl nusgasynyň kädisi tut agajynyň içini köwmek bilen ýasalýar. Gapagy hem tut agajyndan ýasalyp tamdyryň çoguna ýakylyp bejerilýär. Dutar ýasaljak tut agajygyny güýzde ýapragyny dökende kesip alsaň has gowy. Ýöne, tuduň töňňesini bir ýyllap ýere gömüp goýmaly, şonda ol görnüşini hem-de gabarasyny üýtgedenok. Dutaryň sapy erik agajyndan ýasalýar. Kirişleri saza düzmek üçin, dutaryň iki sany gulagy bolýandyr» diýip, Bäşim aganyň beren gürrüňleri duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň dowamynda dutaryň taryhy, ol barada dürli rowaýatlara hem giň orun berildi.
Täsirli geçen söhbetdeşligiň ahyrynda senetçilik sungatymyza goýýan çäksiz sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Batyr GURDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.